Iň arzan 5G telefony tanyşdyryldy

Iň arzan 5G telefony tanyşdyryldy

“Realme” kompaniýasy “Hemmeler üçin 5G” şygary bilen “Realme 7 5G” atly telefony tanyşdyrdy.Deşikli ekrany we insiz çarçuwasy bolan smartfon daşky dizaýny babatda premium derejeli bolmagy bilen tapawutlanýar. 6,5 dýuým ululygynda “Full HD+” durulygynda LCD ekrany bolan telefonyň 6 ýa-da 8 GB RAM-ly we 128 GB içki ýady bar.

Telefonyň yzky tarapynda dört sany kamera bolup, 48 MP esasy, 8 MP ultra giň, 2 MP monokrom we 2 MP makro sensor bar.Selfi kamerasy bolsa, 16 MP durulygynda surata alýar.

Bu telefonyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa, iki sany 5G SIM dakyp bolýandygydyr.Telefonyň batareýasy kuwwaty 5 000 mA/sagada deň.Telefonyň bahasy 229 funt sterling bolar. “Amazon” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telefon gysga wagtlygynda 50 funt sterling arzan satylar.

Ýene degişli makalalar

Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Ýan kompýuter üçin 4K kamera
Xiaomi Redmi 10 smartfonuny resmi taýdan hödürledi
Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Bir günde 50 müň satyş