Indoneziýadaky Merapi wulkan dagy adatdakysyndan howply ýagdaýa geçdi

Indoneziýadaky Merapi wulkan dagy adatdakysyndan howply ýagdaýa geçdi

Indoneziýanyň merkezinde ýerleşýän Merapi wulkan dagyndan soňky 6 sagadyň dowamynda 36 gezek lawa atylyldy. Wulkanologiýa we geologiki betbagtçylyklary azaltmak merkezi (PVMBG) tarapyndan berlen beýanata görä, wulkanyň kraterinden 50 metr beýiklige ýetendigi aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda, ýerli wagt bilen 00.00-dan - 06.00 aralygyna çenli lawanyň wulkandan 36 gezek çykandygy we lawa massasynyň wulkanyň günorta-günbatar eňňidinden 1500 metre çenli aşak düşendigi aýdylýar.

Dagdaky wulkanyň has işjeň ýagdaýa geçenligi sebäpli, sebitde howsalaly ýagdaý yglan edildi. Ilaty goramak maksady bilen, häzirki wagtda sebitde birnäçe işler geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Indoneziýadaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Bikanun ýol bilen alnyp barylýan 4 müň pyşbagany tapdylar
Italiýa dünýäniň iň gowy aşhanalarynyň reýtinginde birinjiligi eýeledi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmen agyr atletikaçy Dohada bürünç medal gazandy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi