Iri telekommunikasiýa kompaniýalary güýçlerini birleşdirdi

ABŞ-nyň telekommunikasiýa bazarynda iň uly birleşme bolup geçdi.Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan “T-Mobile” şereketi “Sprint” aragatnaşyk operatoryny satyn aldy. Şeýlelikde, ABŞ-nyň telekommunikasiýa bazarynyň 3-nji we 4-nji orundaky operatorlary güýçlerini birleşdirdi. “Sprint” kompaniýasy dolulygyna “T-Mobile” şereketiniň garamagyna geçýär. “Sprint”-iň mundan beýläk gymmat bahaly kagyzlary Nýu-Ýorkuň biržasynda satylmaýar. “T-Mobile” kompaniýasynyň gymmat bahaly kagyzlary “Nasdaq” biržasynda satylar.

Metbugatda bellenilmegine görä, bu geleşigiň bahasy 30 milliard dollara deň boldy. Hyzmatyň hili we iş geriminiň giňelmegi ilki bilen bu geleşigiň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda kesgitlenildi. “T-Mobile” kompaniýasy beýleki ugurlar bilen bir hatarda ABŞ-da 5G torunyň ornaşdyrylmagyna has uly ähmiýet berjekdigini mälim etdi.

Şeýle hem “T-Mobile” kompaniýasynyň müşderisiniň sany 100 milliondan gowrak bolar. “T-Mobile” ABŞ-nyň bu pudagynda köpden bäri agalyk edip gelýän “AT&T” we “Verizon” kompaniýalary bilen bäsleşer.

Bu kompaniýa 5G ulgamly telefon önümçiligine hem goldaw berýär.Bu ugurda “Samsung” kompaniýasy bilen işleýär.Beýleki aragatnaşyk kärhanalarynda bolşy ýaly, “T-Mobile” hem “Samsung Galaxy S10” 5G ulgamly smartfonyň giňden ýaýradylmagyna goldaw berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
Mobile tm onlaýn-dükanyna täze Samsung Galaxy S23 we S23+ nusgalary geldi
Mobile tm 2023-nji ýylyň ahyrynda alyjylaryň arasynda utuşly bäsleşik geçirer
Türkmenistanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işleri başlanýar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi 5 gün dowam eder we beýleki habarlar
Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanda amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy mukdary belli boldy
“Hyundai” “mobil ofisini” tanyşdyrdy