Ispaniýada geçirilen Dörttaraplaýyn sammitiň netijesinde umumy jarnama çap edildi

Ispaniýada geçirilen Dörttaraplaýyn sammitiň netijesinde umumy jarnama çap edildi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo, Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Dörttaraplaýyn sammit geçirdiler.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen sammitiň netijesinde Türkiýe islän zadyna eýe bolup, uly üstünlik gazandy.

Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry babatynda Üçtaraplaýyn memorandum, ýurtlaryň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi.

Umumy jarnamada: "Finlýandiýa we Şwesiýa ähli terror guramalarynyň Türkiýä garşy guran hüjümlerini açyk we anyk ýagdaýda ýazgarar. Finlýandiýa we Şwesiýa PKK we beýleki ähli terror guramalarynyň we olaryň şahalarynyň işlerine böwet boljakdygy baradaky ygrarlylygyny tassyklar" diýip bellendi.

Ady agzalan 3 ýurdyň terror guramalarynyň işlerine böwet bolmak maksady bilen aralaryndaky hyzmatdaşlyklaryny artdyrmak barada karar kabul edendigi bellenen jarnamada, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň Türkiýäniň beren maglumatlaryna, delillerine we razwedka maglumatlaryna laýyklykda terrorçylykda güman edilýänleriň ýurtdan çykarylmagy ýa-da yzyna gaýtarylyp berilmegi ýaly talaplar boýunça işleri tiz wagtda amala aşyrjakdygy, PKK-nyň we onuň ähli şahalarynyň pul ýygnamak we tarapdar toplamak boýunça derňew işini başlatjakdygy we olary gadagan etjekdigi beýan edildi.

Umumy jarnamada NATO-nyň açyk gapylar syýasatyna berilýän goldawa ygrarlylygyny beýan eden Türkiýäniň Madird sammitinde Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmaklary üçin çakylyk berilmegine goldaw berýändigi habar berildi.

Gelejekde NATO agza boljak Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň PÝD/ÝPG we Türkiýede FETÖ hökmünde ykrar edilen gurama goldaw bermejekdikleri bellenen jarnamada, Şwesiýanyň täze we has täsirli Terrorçylykly jenaýatlar baradaky kanunyň 1-nji iýuldan başlap güýje girjekdigi we hökümediň terrora garşy göreş düzümini berkitjekdigi beýan edildi.

Jarnamada Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň aralarynda mundan beýläk hiç hili ýarag embargosynyň bolmandyklaryny tassyklandyklary habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny