Jek Ma oktýabrdan bäri birinji gezek köpçülige çykdy

Jek Ma oktýabrdan bäri birinji gezek köpçülige çykdy

Hytaýyň Alibaba internet ägirdiniň esaslandyryjysy Jek Ma üç aýdan bäri ilkinji gezek köpçülige çykdy diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Ol wideoaragatnaşyk arkaly haýyr-sahawat çäresinde çykyş etdi. Kompaniýanyň paýnamalary netijede 6% ýokarlandy.

Jek Ma 20-nji ýanwarda “Oba mugallymlarynyň başlangyjy” onlaýn çäresine gatnaşdy diýip, işewüriň gaznasynyň wekilleri muny tassykladylar.Ol gaznadan minnetdarlyk alan mugallymlar bilen söhbetdeş boldy. Şeýle-de, hytaý KHBS-i Jek Manyň başlangyç mekdepleriň birine barandygyny habar berýärler. Ýatlap geçsek, milliarder 24-nji oktýabrdan bäri köpçülikde görnenokdy. Şol gün milliarder Şanhaýyň iň uly işewürler forumynda häkimiýeti we maliýe düzgünleşdirijilerini tankytlady.

Häkimiýetiň tankydy milliarderiň Ant Group maliýe kompaniýasy we Alibaba üçin kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirdi.Hytaý häkimiýetleri iň soňky pursatda dünýäde iň ulusy bolup biljek Ant Group IPO-syny ýatyrdylar. 24-nji dekabrda Alibaba garşy antimonopoliýa derňewiniň başlanandygy belli boldy.

IPO ýatyrylansoň, Jek Ma köpçüligiň gözünden ýitdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
1 trillion dollarlyk bina
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar
Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda
Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?
Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler