Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemekçi

Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemekçi

3-nji awgustda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Bu barada Ak Tamyň Metbugat gullugyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine diplomat Elizabet Rudy bellemek göz öňünde tutulýar.Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işleýär. Ýeri gelende aýtsak, geňeşçi diplomatik derejesi bolan Elizabet Rud dürli ýyllarda ABŞ-nyň Goşunlaryna degişli harby kollejde fakultet maslahatçysy, ABŞ-nyň Gruziýadaky ilçisiniň orunbasary, işler wagtlaýyn ynanylan wekil wezipelerinde işledi.

Ol ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi, ýurduň Döwlet Departamentinde birnäçe ýolbaşçy wezipelerde, Pakistanyň Peşawar şäherindäki baş konsullygynda esasy hünärmen, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogar sebitlerini dikeltmek boýunça toparynyň wekili, Daglyk Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Prednestrowýe sebitlerindäki meselelerde ABŞ-dan gepleşiklere ýörite gatnaşyjynyň orunbasary bolup hem iş alyp bardy.

Sungat ugry boýunça bakalawr, Merilend uniwersitetinde magistrlik bilimini alan Elizabet Rud iňlis dilinden başga, fransuz, rus, nemes, puştu, dari we gruzin dillerinde hem gürleýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi
ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi
Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
IMDB portaly ýylyň iň meşhur aktýorlaryny we filmlerini yglan etdi