Kabulda Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Kabulda Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Owganystanyň paýtagty Kabulda anna güni şaýy Hazaralaryň köpçülikleýin ýaşaýan Deşte Berçi mähellesinde ýerleşýän bilim merkezine guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 43 adama ýetdi.

BMG tarapyndan berlen beýannamada, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 43, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 83 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirildi.

Içeri işler ministrligi bolsa soňky gezek hüjümlerde 25 adamyň ýogalandygyny mälim edipdi.

Talibanyň 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda owgan hökümetiniň başyna gelmeginden soň ýurtda birnäçe welaýatda bombaly hüjümler guraldy.

Gandöküşikli hüjümlerde Owganystanyň ilatynyň 10 göterimini emele getirýän şaýy Hazaralar nyşana alyndy. Şol hüjümlerde ýüzlerçe adam ýogaldy.

Kabulyň günbatarynda umuman alnanda Hazara şaýylary ýaşaýar. Ozal şol sebitlerde guralan şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne alypdy. Emma heniz bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy