Käbir tehnologiýalar tebigata öýkünýär
Bu gün size tebigy proseslere we organizmalara öýkünip, birsydyrgyn hem-de netijeli çözgütleri tapmagy maksat edinýän biomimikriýa adalgasy hakynda maglumat bermekçi. Käbir tehnologiýalar tebigata öýkünýär, çünki diýip, söze başlaýarys.
Bomimikriýa, gadymy grekçede janly ýa-da ýaşaýyş manysyny aňladýan “bios” bilen öýkünme manysyny aňladýan “mimesis” sözleriniň birleşdirilmegi arkaly emele gelen adalga.Manysy bolsa tebigatdaky obýektleriň, ulgamlaryň we prosesleriň seljerilmegi netijesinde olaryň inženerçilik, binagärçilik we tehnologiýa pudaklarynda öýkünilmegi. İndustrial dizaýnerler we tehnologiýa bilermenleri gün geçdigi saýyn tebigata gönükýärler we adamyň durmuşyny ýeňilleşdirýän önümlerde organiki ulgamlara öýkünmäge tarap ýönelýärler.
Jandarlaryň konstruktiw özbolyşlyklaryny kopiýalap, has netijeli, birsydyrgyn we täzeçil tehnologiýalaryň dizaýn edilmegi nazarda tutulýar.
Biomimikriýanyň bilinýän gazananlarynyň başynda gün panelleri durýar. Ösümlikler fotosintez arkaly gün energiýasyndan has netijeli peýdalanýarlar. Şol prosesden ylham alynyp öndürilen gün panelleri, günüň şöhlesini elektrik energiýasyna öndürmegi maksat edinýär. Ýapraklaryň ýokary gatlagynyň gurluşy we energiýany işleme mehanizminiň seljerilmegi arkaly öndürilen şol paneller, energiýanyň netijeliligini artdyrmak üçin dizaýn edildi.
Lukmançylyk, gurluşyk, dokma senagaty ýaly ençeme pudakda peýdalanylýan süýüm hem biomimikriki önümdir.Möýüň ýüpeginden ylham alynyp öndürilen sintetiki süýümler, polatdan hem güýçli we şol wagtda-da ýeňil.Möýüň torlary şeýle çydamly we çeýedir.
Bu tebigy gurluş, ýokary performansly we ýeňil önümleri öndürmek üçin ylham çeşmesi bolýar.
Tebigatdan ylham alynyp dizaýn edilen önümlere beýleki bir mysal bolsa Ýaponiýadaky Şinkasen tizligi ýokarlandyrylan otlusydyr. İnženerler otlyny öndürýärkä lýusian balygynyň suwdaky hereketine esaslanýar.
Lýusian balynyň kellesi, suwuň garşylygyny azaldyp, asuda we çalt hereket etmegi ýola goýýar. Şol özbolyşlyk otlynyň aerodinamiki dizaýnyna utgaşdyrylyp, tizliginiň ýokarlandyrymagy we sesiň azaldylmagy üpjün edilýär.
Afrikadaky termit höwürtgeleri bolsa binalaryň ýyladyş we dowadyş ulgamynda az energiýa bilen ýokary netije almak üçin model bolýar. Termitleriň guran höwürtgeleri içerki ýylylygy durnukly saklap, daşarky ýylylykdan garaşsyz mikroklimat emele getirýär. Başga-da ençeme mysaly bolan biomimikriýa usuly bilen öndürilen tehnologiýalar energiýadan netijeli peýdalanmak, zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak we has birsydyrgyn dünýä üçin nusgawy häsýete eýe.
