Kanada 1,5 million migranty kabul eder

Demirgazyk Amerikanyň giň meýdanly ýurdy Kanada 2025-nji ýyla çenli daşary ýurtlardan jemi 1,5 million migranty kabul eder.Kanada köp ýyllardan bäri hemişelik ýaşamak üçin ýurda gelýänlere ýeňillik döredýär.

Täze karar dürli ugurlarda ýokary hünärli işçi güýjüniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen kabul edildi.Maglumatlaryna görä, ýurtda 958 müň boş iş orny we 1 million töweregi işsiz bar. Şeýle-de bolsa, işsizler boş iş orunlaryny dolduryp bilmeýärler.

Sebäbi, boş iş orunlary üçin talap edilýän hünäri ýok ýa-da ýeterlik däl. Şeýle hem ýurtda çaga dogluşy hem örän az. 2020-nji ýyldaky maglumatlara görä, Kanadada çaga dogluşy her aýal başyna 1,4 çaga düşýär.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, her bir ýurduň ykdysady durnuklylylygyny saklamagy üçin her aýal başyna 2,1 düşmelidir. Çaga dogluşygynyň azalmagy bolsa, garry ilatyň sanyny artdyrýar.

Ýurduň migrasiýa ministri Şon Freýzer 2-nji noýabrda eden çykyşynda Kanadanyň 2023-nji ýyla çenli 465 müň täze hemişelik migranty kabul etjekdigini aýtdy. Ministr 2024-nji ýylda 485 müň täze hemişelik migranty, 2025-nji ýylda 500 müň daşary ýurtlyny kabul etmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň hassahanalarynda şepagat uýalarynyň işini "arassaçylyk işgärleri ýerine ýetirýär"
Moldowanyň Parlamentinde Gagauz hat ýazuwyna we diline bagyşlanan sergi açyldy
Kanada Ysraýyla Ýarag Satuwyny Bes Eder
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar