KESELLERDEN NÄHILI GORANMALY?

KESELLERDEN NÄHILI GORANMALY?

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň, esasan, howa-damja we galtaşma ýollary arkaly ýokuşýandygyny nazara alyp, günde ir bilen burnuň nemli bardasyna Oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.Agyz-burun örtüklerini dakynmaly.

Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.Eger kesel dörediji wirus burnuň nemli bardasyna düşse, ol öýjük gurluşyny üýtgedip, bütin bedende ýiti respirator keseliň alamatlarynyň (bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, ysgynsyzlyk) döremegine getirýär we adamda ozal bir dowamly kesel bar bolsa, gaýra üzülme hökmünde onuň ýitileşmegine sebäp bolýar.

Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşi bar.Olar üýtgäp bilýär. Şol sebäpli keseliň öňüni almak we ondan goranmak üçin netijeli ýoly saýlamak zerur.Syrkaw adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly.

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly.Asgyrylanda, üsgürilende, agzyňy we burnuňy elýaglyk bilen örtmeli.Dürli dermanlary, şol sanda antibakterial serişdeleri lukmandan maslahatsyz içmeli däl.

Munuň özi bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldip, immun ulgamyna uly zyýan ýetirip, witamin ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup bilýär.Kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykmagy üçin hökman derlediji, ýokumly suwuklyklary içmeli.

Olaryň düzüminde, hususan-da, C witamini — askorbin turşusy bolmaly.Olara narpyzly, ary bally, limonly, tudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy degişlidir.Bu nygmatlary sepgit döwründe hem iýmäge, içmäge endik edinseňiz, kesele garşy göreşijilik ukybyňyzy ýokarlandyrarsyňyz.

Olar bilen bir hatarda, gök, şeýle-de et we et önümlerini köpräk iýmeli. Öý we iş otaglaryny yzygiderli ýelejiredip durmaly.Mahal-mahal üzärlik tütedip, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassaçylyk işlerini geçirip duruň!

Wiruslar, esasan, galtaşma we howa-damja ýollary arkaly ýokuşýar. Ýokuşma ýoluna garamazdan, döräp biläýjek hemme kesellerden ygtybarly goranmagyň ilkinji usuly eliňi arassa saklamakdyr.Elde göze görünmese-de, kesel dörediji köp wiruslaryň we bakteriýalaryň, soguljanlaryň ýumurtgalarynyň bolmagy mümkin.

Bu ýagdaý dürli keselleriň esasy sebäbi bolup biler.Biz el bilen dürli zatlary ellemeli bolýarys: gapynyň tutawajy, awtoulaglaryň gapysy, kompýuteriň enjamlary we ş.m.Hut şonuň üçin hem eliňi ýygy-ýygydan gowy ýuwmaly.

Bu peýdaly endik birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

Ýene degişli makalalar

MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Gresiýada Günbatar Nil Wirusyna Ýoluganlaryň Sany Artdy
Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin düzgünleri neşir edildi
Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady