Kitap ynsan kalbynyň genji-hazynasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy “Kitap ynsan kalbynyň genji-hazynasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler kitaphana işi ýurdumyzyň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda kitaphanalaryň we kitaphana işiniň ilerlemeginde, bu ulgamyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ilata ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar taryhy we medeni gymmatlyklara, häzirki döwürde dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmelere degişli maglumatlary özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Bagtyýar çagalar geljegiň nury
Gözel tebigatymyzy goralyň
ÝAGŞY DILEGLERIŇ AÝY
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
Döwür we elektron kitaphana
Sport bilen sagdyn biz