KÖŇÜL KÜÝSEGI

Aýdym-saz adamyň göwün syrdaşy, köňül küýsegi.Onsuz bu durmuşy göz öňüne getirmek asla mümkinem däl. Çünki aýdym-saz adama güýç-kuwwat we ruhy lezzet berýär, onda tükeniksiz hem joşgunly duýgulary döredýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn: “Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler”.Aýdym-sazyň bar ýerinde şatlyk bar, şagalaň bar.Ganyp bolmajak ýakymly lezzetiň täsirinden bähre tapýan ynsanyň argyn bedenine rahatlyk aralaşyp maýyl ediji şypaly duýgularyň derdeserinden onuň telwas urýan ýüregi ynjalyk tapýar, kalby al-asmanda pelpelleýär. Şeýlelikde adamyň ýaşaýşa bolan höwesi artýar.

Zähmete hyjuwy batlanyp, joşgunly işlemäge odukýar.

Dünýä belli Ahmet al-Sarahsy, Muhammet Faraby, Ibn Sina ýaly alymlar saz sungatyna degişli düýpli ylmy işler ýazypdyrlar.Ibn Sina aýdym-sazyň ynsanyň saglygyna edýän täsirini ilkinjileriň biri bolup ýüze çykarypdyr. “Eger şähdaçyk hem sagdyn bolasyň gelse, her gün aýdyma hiňlenmäge türgenleş” diýip, beýik lukman örän dogry belläp geçipdir.

Halkymyzyň geçmiş taryhynda sazyň üsti bilen näsaglary bejerip bolýandygy baradaky maglumatlar hem biziň ýokarda agzap geçen meselämiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda: “Tebipler bejergini tüýdük ýa-da dutar çalýan sazandany ýörite çagyryp, şonuň sazandarlyk etmeginde geçiripdirler.

Köplenç ýagdaýlarda “bejeriş çäresini” sazandarlaryň özi geçiripdir. Özi-de olar türkmen sazandalarynyň aýdym-saz gorunda şu wagtam bar bolan “Porhan heňini” ýa-da “Porhannamany” çalypdyrlar” diýip, bu barada örän jaýdar jümleler aýdylýar.

Görşüňiz ýaly, sazyň diňe bir adama däl-de jandarlara-da, hatda ösümlik dünýäsine-de täsiri güýçli bolarly.Internet maglumatlary esasynda taýýarlanan ýazgylaryň birinde aýdylmagyna görä, daşary ýurtlaryň birinde gül ýetişdirýän hünärmenleriň biri hemişe saz ýaňlanyp duran ýerinde ösýän güller bilen beýlekileri deňeşdireniňde, sazyň sesini eşidip ösýän gülleriň boý alşynyňam, açylyşynyňam, hatda ysynyňam başgalardan has tapawutlydygyny belläp geçýär.

Aýdym-saz biziň janymyza-da, ganymyza-da ornan. Iň bärkisi ýaňy dünýä inen çaga näme, şolam sallançaga salnansoň hüwdi sesini eşidenden, gözjagazyny süzüp, dessine uka maýyl bolmak bilen bolýar.

Hormatly Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “Çaga dünýä inende, düýrmegiň bilen asylly duýgulara berilmelidigi baradaky pent hüwdi bilen onuň aňyna guýulýar” diýip, bu barada örän jaýdar jümleler aýdylýar.

Ol aýdym bolsun, ýa-da saz, haýsy halkyňkydygyna garamazdan, ynsana şol bir ýakymly täsirini ýetirýär.Beýleki halklaryň aýdymlarynyň sözlerine oňly düşünmesegem, şolaryňam özboluşly ýakymy gulagymyza ýaraman duranok.

Türkmeniň meşhur kompozitorlary W.Muhadow, D.Öwezow, A.Kulyýew, N.Halmämmedow, A.Agajykow, Ç.Nurymow, R.Rejepow, D.Nuryýew ýaly ägirtleriň tagallasy bilen ençeme şirinden şeker aýdymlardyr sazlar döredilip, olar her gün şam-u-säherde teleradioýaýlymlarynda ýaňlanýar.

Aýdym-saz sungaty türkmen edebiýatynda-da giňden şöhlelenip, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ukyby bilen ençeme ululy-kiçili liriki we etiki eserler dünýä indi. Şol eserleriň (N.Saryhanow “Şükür bagşy”, H.Ysmaýylow “Gopuzlyja gyzjagaz”, K.Gurbannepesow “Aýal bagşy”, R.Gelenow “Ganatly aýdymlar”, M.Seýidow “Durun mukamy”, “Gulbaba’’, H.Diwangulyýew “Çuwal bagşy”, A.Taganow “Sazyň piri nirede”, “Sallançak mukamy”, H.Durdyýew “Şawram şelpeler”, “Skerso”…) üsti bilen ösüp gelýän ýaş nesiller türkmen aýdym-sazynyň taryhyna degişli ençeme gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolýarlar we iňňän köp zatlara göz ýetirýärler.

Ýene degişli makalalar

Saglygym baýlygym
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
Watan başlarymyzyň täji
Dowam edýän gytçylyklar dermanyň 'gara bazaryny' güýçlendirýär