Konstitusion özgertmeler täze ösüşleriň girewi

Hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, bu çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny, wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.Döwlet häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen sazlaşykly işlemek ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň netijeli işlemeginiň möhüm şertidir diýip hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şu wezipelerden ugur alnyp, Mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda degişli Iş toparyny döretmek tabşyryldy.Soňra mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, adalat ministri B.Muhamedow we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa çykyş edip, olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän täze taryhy başlangyçlarynyň we ýurdumyzda amala aşyrylýan Konstitusion özgertmeleriň örän wajypdygyny, türkmen jemgyýetinde döwletliligiň, adalatlylygyň, milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn bellediler.Bellenilişi ýaly, häzir milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary döredildi.

Toparyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar gatnaşýar.Hormatly Prezidentimiziň milli parlamentimiziň iki palatadan ybarat bolmalydygy, onuň işini täze görnüşde guramagyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly başlangyjy bilen bagly iş toparyna gelip gowuşýan degişli teklipler düýpli seljerilýär, bu ulgamdaky dünýä tejribesi, şol sanda sanly tehnologiýany ulanmak boýunça tejribeler öwrenilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem milli parlamentiň palatalarynyň ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek barada beren tabşyryklary işde gollanma hökmünde ulanylýar.Türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän özgertmelerine, parlamentiň iki palataly ulgama geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýärler. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem dünýäniň bu ugur boýunça öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän çäreleriň dowamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli teklipler beýan edilýär. Şolara düzgünnama laýyklykda seredilýär we umumylaşdyrylýar, soňra bolsa Mejlisde hereket edýän Iş toparyna iberilýär.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan goşmaçalar we üýtgetmeler demokratik, ynsanperwer hem-de adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan raýat jemgyýetini pugtalandyrmagyň, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň we ony döwrüň talabyna, halkara tejribelere hem-de hukuk kadalaryna laýyk işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädime öwrüler.Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek we mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Göz öňünde tutulýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Konstitusiýamyzda beýan etmek jemgyýetimiziň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýyny hem-de deň hukuklylygyny, durmuş adalatlylygynyň ähli taraplaryny doly durmuşa geçirmegi aňladýan ynsanperwerlik kadalarynyň dabaralanmagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Milli Parlamentiň hil taýdan täze iki palataly gurluşyna geçmegi bilen bagly ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek Garaşsyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyzda beýan edilen ynsanperwer hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirýändigimiziň aýdyň tassyklanmasyna öwrüler.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny kämilleşdirmegiň ýolunda has uly üstünlikleri gazanmaga saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Konstitusion toparyň indiki mejlisini geljek ýylyň fewral aýynda geçirmek meýilleşdirildi.Onda Konstitusiýamyza girizilýän maddalaryň taslamalaryna serederis hem-de olary ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin çap ederis.Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary umumylaşdyryp, Halk Maslahatynyň indiki mejlisinde bolsa täze Konstitusiýanyň kabul ediljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen Konstitusion toparyň mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
Türkmenistan 21-nji ýanwardaky maslahata taýýarlykly barýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ BIRINJI TAPGYRYNYŇ TAMAMLANMAGYNA DEGIŞLI WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Konstitusion özgertmeler ösüşleriň binýady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi