Lebabyň çäginde täze agyz suw ýatagy açyldy

Lebabyň çäginde täze agyz suw ýatagy açyldy

Lebap welaýatynyň çäginde umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu barada Hökümetiň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy.

Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy
Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde suw akabalaryny çuňaldyş işlerine girişilýär
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi