Lebaply eksportçylaryň hataryna ýene bir hususy kärhana goşuldy

Lebaply eksportçylaryň hataryna ýene bir hususy kärhana goşuldy

Geçen aýda harytlaryny daşary ýurtlara iberýän Lebap welaýatynyň hususy önüm öndürijileriniň hataryna ýene biri goşuldy. Milli önüm hususy kärhanasy 106,5 tonna kendir ýüpüni Azerbaýjana ugratdy. Bu kärhananyň alty aýda öndüren önüminiň üçden iki bölegine ýakyndyr.

Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Häzir senagat harytlaryny öndürýän hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň 9-sy daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşygyny ýola goýdular. Geçen alty aýda olar umumy bahasy 11 million 813 müň manatlykdan gowrak harydy daşary ýurtlara iberdiler. Onuň gyzyl puldaky bahasy bolsa 3 million 375,5 müň amerikan dollaryna ýakynlady.

Kärhanalarda öndürilen önümleri Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň işewürleri satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Astrahan aýna zawody öz önümleriniň Türkmenistana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Türkmenistanda ýakyn wagtda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana işe giriziler
Türkmenistanda polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana işe girizildi
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Nebitmaş döwlet kärhanasy 2023-nji ýylyň iş meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi