LG arzan bahaly üç telefon tanyşdyrdy

LG arzan bahaly üç telefon tanyşdyrdy

Dürli işlerimizi ýeňilleşdirýän smartfonlaryň aýratynlyklary günsaýyn artýar.Muňa garamazdan, käbir adamlar diňe gepleşmek üçin telefon götermegi halaýar.Käbir adam bolsa, tehniki aýratynlyklary o diýen ýokary bolmadyk telefonlar bilen kanagatlanýar.

LG kompaniýasy “W11”, “"W31” we “W31+” atly bahasy amatly bolan telefonlary tanyşdyrdy.Bu telefonlar geçen ýyl satuwa çykarylan “W10”, “W30” we “W30+” modelleriniň has kämil görnüşi bolup, arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. Üç telefonyň hem tehniki aýratynlyklary bir-birine örän meňzeş.

Telefonyň ekranyň ululygy 6,52 dýuým bolup HD+ durulygynda şekil hödürleýär.Selfi kamerasy 8 MP, yz tarapynda 13 MP esasy hem-de 2 MP durulygynda çuňluk kameralary bar. “MediaTek Helio P22” mikroprosessor oturdylan telefonyň RAM-y 3 GB we içki ýady 32 GB. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän smartfonyň batareýasynyň kuwwaty 4,000 mA/sagada deň.

Smartfonlar 128-160 dollar aralygynda satuwa çykarylar.

Ýene degişli makalalar

“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Aşgabatda Ädimme-ädim atly konsert geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar