“Liwerpul” bilen “Porto” 1/8 finala çykmagy başardy

UEFA Çempionlar ligasynda “A”, “B”, “C” hem-de “D” toparçalarda 5-nji duşuşyklar oýnaldy. Bu oýunlardan soň, Liwerpul bilen Porto klublary 1/8 finalda çykyş etmäge hukuk gazandy.

5 ýyldan bäri 2-nji tapgyra çykmak başardanok

“A” toparçada “Bawariýa” myhmançylykda “Atletiko Madrid” bilen 11 deňme-deň oýnady. Şeýlelikde, “Bawariýanyň” 15 oýunlyk ýeňişli ýörişi tamamlandy. “Lokomotiwiň” öz meýdançasynda “RB Salsburgdan” 31 utulmagyndan soň, rus klubunyň ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi galmady. Rus toparlaryna 5 ýyldan bäri 1/8 finala çykmak başardanok.

“Real Madridiň” 1/8 finalyň daşynda galmagy mümkin

“B” toparçada “Real Madrid” myhmançylykda hem “Şahtýordan ýeňildi. Öz meýdançasynda-da 3-2 utulan “Real Madrid” Doneskde hem 20 asgyn geldi. Taryhynda ilkinji gezek 2-nji tapgyra çykmazlygy mümkin bolan “Real” toparçadaky soňky oýunda “Borussiýa M” toparyny kabul eder. Myhmançylykda “Borussiýa M” toparyny 3-2 ýeňen “Inter” täzeden ýaryşa goşuldy.

“Marseliň” 8 ýyldan soň ilkinji ýeňşi

“C” toparçada öz meýdançasynda “Mançester Siti” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Porto” topary 2-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala adyny ýazdyrdy.Toparçanyň beýleki duşuşygynda “Marsel” öz meýdançasynda “Olimpiakosy” 2-1 ýeňdi.

Bu fransuz klubunyň 8 ýyldan soň ýa-da yzly-yzyna 13 ýeňlişden soň, ilkinji ýeňşi boldy.Duşuşykda “Marseliň” gollarynyň ikisini hem penaltiden Dmitri Paýet derwezä girizdi.Bu onuň Çempionlar ligasyndaky ilkinji gollary hökmünde hasaba alyndy.

“Liwerpul” 1/8 finala çykdy

“D” toparçada “Liwerpul” “Anfild Roadda” “Aýaksy” kabul edip, garşydaşyny 1-0 hasabynda ýeňdi.Iňlis klubuna ýeňiş getiren hem-de 1/8 finala çykaran ýeke-täk goly 58-nji minutda Kurtis Jons derwezä girizdi.

Ol “Liwerpulyň” düzüminde UÇL-de tapawutlanan iň ýaş 3-nji futbolçy boldy.Aýaks bolsa Çempionlar ligasynda 17 oýundan soň, myhmançylykda ýeňildi.Geçen hepdede myhmançylykda “Liwerpuly” ýeňen “Atalanta” öz meýdançasynda “Mitdýulland” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Sewilýa”, “Barselona”, “Ýuwentus” toparlarynyň hataryna “Liwerpul” bilen “Porto” hem goşuldy. 1/8 finalda çykyş etjek 16 klubuň 8-si häzirlikçe belli boldy. “E”, “F”, “G”, “H” toparçalarynda oýnaljak şu günki duşuşyklardan soň, olaryň hataryna azyndan ýene-de 2 klubuň goşulmagyna garaşylýar.

“Atletiko” “Bawariýa”: 1-1

(Feliks 26 Müller 86 p)

“Lokomotiw” “RB Salsburg”: 1-3

(An. Mirançuk 79 p Berişa 28, 41, Adeýemi 81)

“Şahtýor Donesk” “Real Madrid”: 2-0

(Dentinio 57, Solomon 82)

“Borussiýa M” “Inter”: 2-3

(Plea 45+1, 76 Darmian 17, Lukaku 64, 73)

“Marsel” “Olimpiakos”: 2-1

(Paýet 55 p, 75 p Kamara 33)

“Porto” “Mançester Siti”: 0-0

“Liwerpul” “Aýaks”: 1-0

(Kurtis Jons 58)

“Atalanta” “Mitdýulland”: 1-1

(Romero 79 Şolz 13)

The post “Liwerpul” bilen “Porto” 1/8 finala çykmagy başardy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”
16 duşuşyk 48 gol
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
Şu gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 5-nji tapgyra badalga berler
Ýewropa Ligasynda Çempionlar Ligasynyň bijesi:  “Barselona” “Mançester Ýunaýted”
Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady