Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky üçünji söweş ýatyryldy

Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky üçünji söweş ýatyryldy

Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor Dastin Porýe bilen 10-njy iýulda meýilleşdirilen söweşiniň ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

Mundan öň, Porýe Makgregory wada berendigine garamazdan, özüniň haýyr-sahawat gaznasyna 500 müň dollar bermändigi üçin ýazgarypdy.

Porýe oňa: "OK" diýip jogap berdi.Makgregor bilen Porýe iki gezek duşuşdylar. 2014-nji ýylda irlandiýaly türgen ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Porýe Makgregory nokaut edip, ýeňiş gazandy.

Olaryň üçünji söweşi bolsa şu ýylyň iýul aýynda meýilleşdirildi. Ýeňilendigine garamazdan, Makgregor Porýe bilen ikinji söweş üçin 20 million dollardan gowrak girdeji gazandy.Porýe ondan bäş esse az girdeji aldy.

Makgregor söweşden öň Porýeniň Good Fight söweş gaznasyna pul goşant etjekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi