Konor Makgregor UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedowa jogap berdi.
Öň habar berşimiz ýaly, Nurmagomedow UFC 257-de Makgregoryň Dastin Porýeden ýeňilmegine teswirini beripdi. Russiýaly türgen Twitter sahypasynda Konoryň ýeňilmegini ony çempion eden toparyny üýtgetmegi hem-de hakykylykdan üzňelikde çagalar bilen türgenleşmegi bilen düşündirdi.
Ýatlatsak, Dastin Porýe ikinji raundda Makgregory tehniki nokaut bilen ýeňdi.