Makgregor UFC 257 turnirinde Porýeden ýeňildi

Makgregor UFC 257 turnirinde Porýeden ýeňildi

Garyşyk başa-baş göreşiň (MMA) amerikaly söweşijisi Dastin Porýe UFC 257 turniriniň çäginde irlandiýaly Konor Makgregordan üstün çykdy.

Ýeňil agramdaky türgenleriň söweşi Abu-Dabiniň “Söweş adasyndaky” sport şüweleňiniň esasy wakasy boldy.Emin Porýeniň tehniki nokaut bilen ýeňşini hasaba alyp, ikinji raundda söweşi saklady. 32 ýaşly amerikaly söweşijiniň hasabynda indi 27 ýeňşi, alty ýeňlişi we bir netijesiz söweşi bar. 32 ýaşly Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş bilen bäş ýeňliş bar.

Makgregor bilen Porýeniň söweşi rewanşdy. 2014-nji ýylyň sentýabrynda olar Las-Wegasda UFC 178 turnirinde duşuşdylar. Şonda Makgregor garşydaşyny başlangyç raundyň ikinji minudynda nokauta gidirdi.UFC 257 turniriniň esasy wakalarynyň ýene biri täze zelandiýaly Den Huker bilen amerikaly Maýkl Çendleriň söweşi boldy.

ABŞ-nyň wekili garşydaşyny söweşiň üçünji minudynda nokauta gidirdi.

Ýene degişli makalalar

Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi