“Maksada okgunly” hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda 12500 jüýje çykaryldy

“Maksada okgunly” hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda 12500 jüýje çykaryldy

“Maksada okgunly” hususy kärhanasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Ahal” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, guşçulyk toplumynda 12 müň 500 jüýje çykaryldy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, toplumda 2013-nji ýylda hindi towuklarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şondan bäri hindi towugynyň dürli kroslarynyň aýratynlyklary, saklanyş şertleri synagdan geçirildi. Bu guşlaryň ýeňil hem-de agyr görnüşleri bolup, ýurdumyzda dürli pasyllarda howa ýagdaýyna laýyk görnüşleri ýetişdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, guşçulyk toplumy sanly ulgamy arkaly dolandyrylyp, ketekler gözegçilik edilýär. Olarda 5 ölçeýji enjam ornaşdyrylandyr, ýagny howanyň ýylylygyndan we çyglylygyndan başga-da, basyşa, ýeliň tizligine, ammiak düzgünine gözegçilik edilýär. Olar guşlaryň sagdynlygy üçin zerurdyr. Ketekleriň temperaturasy hem 21 gradusda saklanyp, bu görkeziji 1,5-2 gradusdan artyk üýtgedilmeýär.

Toplumyň umumy meýdany 23 gektara barabar bolup, ol Fransiýanyň “Aviagen” kompaniýasynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Toplumda inkubator, jüýje idediji, enelik towuklary hem-de horazlary ösdüriji, iým taýýarlaýjy bölümler hem bar. Geçen ýylda gassaphanada şöhlat bölümleri hem işe girizildi.

Kompaniýa geljekde ylmy esasda seçgiçilik işlerini alyp baryp, hindi towugynyň ýerli görnüşini döretmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Seýil edeliň bu jahana Singapuryň täsinlikleri
Maryly telekeçiniň maldarçylyk toplumynda ýylda 150 tonna et alynýar
Ahalda ýylda 560 müň hind towugynyň jüýjesini çykarýan inkubator taýýarlanylýar
“Döwletli-Döwran” ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär
Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Türkmenistanda ýanwar aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular