Mançester Siti sekizinji gezek Angliýanyň çempiony boldy

Mançester Siti sekizinji gezek Angliýanyň çempiony boldy

Mançester Siti futbol topary 2021/2022-nji futbol möwsüminde Angliýanyň çempiony boldy. Şäherliler Angliýanyň futbol boýunça Premýer ligasynyň soňky tapgyrynda Aston Willadan üstün çykyp (3:2), liganyň çempionlyk basgançagyna göterildiler.

Ilkibada Mançester Siti topary garşydaş topardan Metti Keşiň hem-de Felipe Koutinýonyň gollaryndan soň 0:2 hasap bilen asgyn gelen hem bolsa, duşuşygyň ahyrky 15 minudynda mançesterliler ýeňiş gollaryny geçirmegiň hötdesinden geldiler. Ýeňşi hem-de çempionlygy bagyş eden gollaryň ikisini Ilkaý Gündogan, birini bolsa Rodri geçirdi.

Geçirilen 38 tapgyrdan soň, liganyň birinji basgançagyny 93 utuk bilen Mançester Siti, ikinji ornuny 92 utuk bilen Liwerpul, şeýle-de üçünji ornuny Çelsi topary eýeledi.

Bu gazanylan taryhy ýeňiş toparyň taryhynda sekizinji çempionlyk bolup, topar 1936/37, 1967/68, 2011/12, 2013/14, 2017/18, 2018/19, 2020/21, 2021/22 ýyllardaky futbol möwsümlerinde birinjiligi gazandy.

Topar eýýäm dördünji gezek Pep Guardiolanyň tälim bermeginde APL-iň çempiony boldy. Tälimçi hökmünde ol ozal Barselona topary bilen 3 gezek Ispaniýanyň çempionatyny, Bawariýa topary bilen hem 3 gezek Bundesliganyň birinjiligini gazandy.

Bulardan başga-da, 51 ýaşly tälimçiniň Halkara futbol ýaryşlarynda hem birnäçe üstünlikleri gazanandygyny bellemek bolar. Bu ugurda Guardiola Barselona topary bilen 2 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny, Toparlaýyn dünýä çempionatynyň kubogyny, Ispaniýanyň kubogyny, şeýle-de Bawariýa topary bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny we Toparlaýyn dünýä çempionatynyň kubogyny eýelemegi başardy.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Arsenal birinjiligi elden bermedi
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Çelsi Enso Fernandesi düzümine goşdy
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Çelsi ýene-de ýeňildi