“Mançester siti” we var

Angliýanyň çempionatynda möwsümiň 2-nji tapgyrynda hem “Liwerpul” bilen “Arsenal” ýeňiş gazanmagy başardy. “Liwerpul” myhmançylykda “Southemptony”, “Arsenal” öz meýdançasynda “Býornlini” 21 hasabynda ýeňdi. “Liwerpulyň” gollaryny Mane bilen Firmino, “Arsenalyň” gollaryny bolsa, Lakazett bilen Obameýang derwezä girizdi.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Tottenham” bilen 22 (Sterling 20, Aguero 35 — Lamela 23, Moura 56) deňme-deň oýnady.Oýnuň ahyrynda ýer eýelerinden Gabriel Žesusyň geçiren goly VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmady.

Bilşiňiz ýaly, geçen möwsümde-de Çempionlar ligasynyň çäklerinde “Tottenham” bilen bolan duşuşygyň soňky minutlarynda Rahim Sterlingiň goly VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmandy. “Çelsi”“Lester”, “Wulwerhempton”“Man. Ýunaýted” oýunlary-da 11 hasabynda tamamlandy.

Ikinji duşuşykda “ýunaýtedli” Pol Pogba penaltini dürs urup bilmedi. “Premier liganyň” 3-nji hepdesinde uly duşuşyklaryň biri bolup, şu gün “Liwerpul” “Enfild Roadda” “Arsenaly” kabul eder.2-nji tapgyryň netijeleri: ArsenalBýornli: 21, EwertonWatford: 10, BraýtonWest Ham: 11, A.WillaBornmut: 12, NorwiçNýukasl: 31, Southempton-Liwerpul: 12, M.

SitiTottenham: 22, Ş. ÝunaýtedK.Palas: 10, ÇelsiLester: 11, WulwerhemptonM. Ýunaýted: 11.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Mançester Siti” ýaryşdan çykdy, “Nottingam Forest” 31 ýyldan soň ýarym finalda
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry