Marafonda dünýä rekordy täzelendi

Çikago marafonynda keniýaly ýeňil atletikaçylar ýeňiji bolup, zenanlaryň arasynda dünýä rekordy täzelendi.Zenanlaryň arasynda ýeňiş gazanan keniýaly Brigid Kosgeiniň görkezen 2 sagat 14 minut 04 sekuntlyk netijesi dünýä rekordyna deň boldy. Öňki rekord britaniýaly Paula Red- klaýffa degişli bolup, ol 2015-nji ýylda London marafonynda 2 sagat 15 minut 25 sekuntda pellehana gelipdi.

Bu ýeňiş Kosgeiniň Çikagodaky 2-nji, uly marafonlardaky 3-nji çempionlygydyr. Çikago marafonynda 23-nji orunlary efiopiýaly ylgaýjylar Ababel Ýeşaneh (2:20:51) bilen Geleta Burka (2:20:55) eýelemegi başardy.Erkekleriň arasynda keniýaly Lawrens Çerono 2 sagat 05 minut 45 sekuntda pellehanadan geçip, 6 uly marafondaky 2-nji ýeňşini gazandy.

Ol şu ýyl Boston marafonynda çempion bolupdy.Efiopiýaly ylgaýjylar Dejene Debela (2:05:46) bilen Asefa Mengstu (2:05:48) degişlilikde, 2-nji we 3-nji ýerleri eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Şimşek Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder
Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
UEFA “Sewilýa” Ligasy
Ispaniýanyň Sewilýa topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy