Marin Le Pen fransuzlaryň ynamy babatda Makrondan öňe saýlandy

Marin Le Pen fransuzlaryň ynamy babatda Makrondan öňe saýlandy

Fransiýaly syýasatçy zenan Marin Le Pen raýatlaryň ynam bildirmek derejesi babatda ýurduň Prezidenti Emmanuel Makrondan öňe geçdi diýip, TASS habarlar gullugy Le Figaro gazetine esaslanyp habar berýär.

Fransuzlaryň ynamynyň reýtingi jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň esasynda düzülýär, soňky barlaglara görä, Milli Bileleşik partiýasynyň baştutany Marin Le Pene ýurduň raýatlarynyň 39 göterimi ynanýar.

Şol bir wagtda Makronyň ynamlylyk derejesi 32 göterimi düzdi. Öňki pikirsoraşmalaryň netijeleri bilen deňeşdirilende, fransuz lideriniň reýtingi 9 göterim pese gaçdy. Şunlukda, Makron saýlawlardan bary-ýogy iki aý geçensoň,

Fransiýanyň ilatynyň arasynda ynamy elden giderip başlady. Bu barada Belta.by saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlary güýçli ýangynlary başdan geçirýär