“Mariupolda Ýagdaý Agyrlaşýar”

“Mariupolda Ýagdaý Agyrlaşýar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Mariupol şäherinden asuda ilatyň we esgerleriň göçürilmegi meselesinde töwellaçy bolmagy üçin Türkiýe bilen gepleşik geçirýändiklerini aýtdy.

Zelenskiý soňky wideo ýüzlenmesinde, Doneskde, Luganskda we Zaparožiýede şu gün ynsanperwer kömek geçelgesiniň açyljakdygyny nygtady.

Şeýlelikde Mariupolyň başda durmagynda ady agzalýan şäherlerden jemi 6 müň 266 adamyň göçürlendigini nygtan Zelenskiý, Mariupolda ýagdaýyň agyrlaşýandygyny, ýaralananlaryň we ýogalanlaryň şäherden çykarylmagy üçin gepleşik geçirýändiklerini belledi.

Zelenskiý, “Olar biziň esgerlerimiz we halkymyz. Bu meselede Türkiýe bilen töwellaçy bolmagy üçin gepleşik geçirýäris” diýdi.

Zelenskiý, Russiýanyň esasan Krymda ynsanlary harby gullugyň hataryna çagyrmaga çalyşýandygyna ünsi çekdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň şeýlelikde halkara adam hukuklaryny basgylamaga dowam edýändigini belledi.

Ukrainaly musulmanlary mübarek oraz aýy bilen gutlan Zelenskiý “Bu aýyň düşümli olmagyny dileýärin” diýdi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen beýannama görä, Mariupol şäheriniň bir bölegi rus güýçleriniň gözegçiligi astynda.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy
Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi