Marsda ses eşidilýärmi?

Sesiň tizligi suwda, howada we howanyň düzümindäki gazlaryň tapawutlylygyna görä üýtgeýär.Marsyň atmosferasynda köp mukdarda kömürturşy gazy bar.Bu planetada atmosferanyň dykyzlygy Ýeriň atmosferasynyň 7 göterimi ýalydyr. Ýerde ses tolkunlarynyň howadaky tizligi sekuntda 344 metre barabar bolýar.

Ses tolkunlary kömürturşy gazynyň içinden sekuntda 267 metr tizlik bilen hereket edýär.Geliý gazynyň içinden bolsa adaty howa şertlerindäkiden üç esse çalt ýaýraýar. Ýagny howanyň düzümi sesiň tizligine gönüden-göni täsir edýär.

Ses howada, suwda ýa-da dürli gazlaryň içinden geçeninde basyş tolkunlaryny emele getirýär.Basyş tolkunlarynyň ýaýramagy üçin sesiň hereket edýän ýerindäki molekulalar biri-birine urmaly bolýar. Şol sebäpli ses tolkunlary has dykyz ýerde has uzak aralyga gidýär.

Mysal üçin, aýak sesi ýerde howadakydan has uzaga eşidilýär.Sebäbi howany emele getirýän molekulalar biri-birlerine urmak üçin has köp ýol geçmeli bolýar. Şeýlelikde, ses tolkunlarynyň energiýasy gysga wagtda ýitýär.

Şeýle hem ses sowukda yssydakydan has ýuwaş hereket edýär. Ýagny, sesiň tizligine diňe howanyň düzümi däl, eýsem, ýylylyk hem täsir edýär.Gyzyl planeta diýlip hem atlandyrylýan Marsda atmosfera ortaça 50 dereje sowuk.

Bu planetada ses tolkunlarynyň tizligi Ýerdäkiden has ýuwaş. Şeýle hem bu planetada ses Ýerdäkiden has gysga aralyga ýetýär.Geçirilen barlaglarda Ýerde 1 kilometre ýetýän ses Marsda bary-ýogy 10 metre ýetýär.

Altyngözel Hangulyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post Marsda ses eşidilýärmi? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Lion futbol komandasynyň awtobusyna hüjüm guraldy
Aýyň ýaşy has uly bolup çykdy
Şarikli ruçka ilkinji patent alynýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy