Mary: Maýyplara niýetlenen täze jaýlaryň ýaşaýjylary garaşylmadyk çykdajylara sezewar edilýärler

Mary: Maýyplara niýetlenen täze jaýlaryň ýaşaýjylary garaşylmadyk çykdajylara sezewar edilýärler

Mary welaýatynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenip, geçen aý açylan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary garaşylmadyk çykdajylara sezewar edilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze jaýlaryň öý-hojalyk tehnikalarynyň tölegleriniň maýyplaryň üstüne ýüklenilýändigini habar berýär.

“Täze jaýyň öý dolandyryş edarasynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, öý-hojalyk tehnikalary üçin pul tölemelidigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.Täze köpgatly ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylary bu tölegleri, ilkibaşda, häkimiýetleriň tabşyrygy bilen maýyplaryň hojalyk tehnikalary bilen üpjünçiligini öz üstüne alan ýerli telekeçilere geçirilmeli edilýärler.

Mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen täze jaýyň ýaşaýjylary bu garaşylmadyk pul talabyny geň görýärler.

Geçen aý döwlet telewideniýesi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen dört gatly ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşyny görkezdi. Maýyplara niýetlenen jaýyň açylyşyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri binanyň açylyşyny ýurtda maýyplara we goldawa mätäç raýatlara berilýän ýardamyň nusgasy hökmünde suratlandyrdy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze jaýlary enjamlaşdyrmak işleriniň ýerli telekeçileriň üstüne ýüklenendigini we täze binadaky otagalaryň diňe açylyş üçin wagtlaýyn enjamlaşdyrylandygyny habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçy ýagdaýy has-da aýdyňlaşdyrmak üçin sebitde öý-hojalyk tehnikalarynyň söwdasy bilen meşgullanýan ýerli telekeçileriň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy.

Mümkinçiligi çäkli bolan adamlardan öý-hojalyk tehnikalary üçin pul ýygnalmagy telekeçileri hem geň galdyrýar.

“Biz bolýan zatlardan habarsyz. Öýlere oturdylan ähli tehniki enjamlaryň tölegleriniň hökümet tarapyndan töleniljekdigi aýdyldy. Bu barada dilden ylalaşyk geçirildi. Açylyş dabarasyndan soňra, tölegleriň bölekleýin [häkimiýetler tarapyndan] töleniljekdigi aýdyldy” diýip, bir ýerli telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Täze jaýlara göçüp baran ýaşaýjylaryň birnäçesi habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde agzalýan tölegleriň gyssagly geçirilmeginiň talap edilýändigini aýdýar.

“Eger ýaşaýjylar pullary geçirmeseler onda öýlere gurnalan hojalyk harytlarynyň yzyna alynjakdygy aýdylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Häkimiýetleriň töleg talabyndan habarsyz maýyp ýaşaýjylar özleriniň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna güzeran aýlaýandyklaryny aýdyp, öý-hojalyk tehnikalaryny yzyna tabşyrmaga taýýardyklaryny aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan açylyşy barada eifre beren wideo reportažynda täze jaýly bolan mümkinçiligi çäkli adamlaryň begenýän pursatlaryny görkezdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “öý eýeleriniň iş, durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanyp, adamlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini belledi we şeýle maşgalalara kömek-goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini aýtdy... Öýüň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň ýerleşdirilişi bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Öýüň otaglarynda, aşhanasynda mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen oňaýly şertler döredildi” diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 3-nji sentýabrda maýyplara niýetlenen täze köpgatly jaýyň açylyşyndan habar berdi.

Şeýle-de, döwlet metbugatyna görä, öňki prezident açylyşda eden çykyşynda täze köpgatly jaýyň “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna” gurulandygyny aýtdy.

Ýöne ýerli ýaşaýjylardan talap edilýän “garaşylmadyk çykdajylar” mümkinçiligi çäkli bolan adamlary haýrana goýýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurt boýunça ilatyň dürli gatlaklarynyň, şol sanda goldawa mätäç raýatlaryň, maýyplaryň durmuş goraglylygynyň birkemsiz üpjün edilýändigini aýdýar. Aşgabatda we welaýatlarda Maýyplar we gartaşan adamlar üçin ýörite öýler hereket edýär. Şeýle-de, maýyp adamlar döwlet kömek pullary, pensiýalar bilen üpjün edilýärler.

Marynyň Sakarçäge etrabynda gurlup, ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýynyň düýbi 2017-nji ýylda tutuldy. Döwlet metbugaty şeýle jaýlaryň ýurduň ähli künjeklerinde bina edilýändigini aýdýar.

Döwlet metbugatyna görä, ýaşaýyş jaýlary mümkinçiligi çäkli adamlara tölegsiz esasda gowşurylýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaşaýjylaryň öý-hojalyk harytlary üçin çykdajy etmeli bolýandyklaryny habar berýärler.

Bu aralykda, hökümetçi Orient.tm neşiri ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bilen bilelikde ýurtda ilkinji gezek maýyplygy bolan çagalar we uly ýaşly adamlar boýunça barlag geçirendigini habar berýär. Maglumata görä, Türkmenistan boýunça 4352 hojalygyň maýyplyk pensiýalaryndan peýdalanýandyklary aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň geçirilen barlaglar boýunça oktýabr aýynda ýörite hasabat çap etmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kadalaşdyryş-hukuk binýady kämilleşdirilýär
Türkmenistanda telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodekse üýtgetmeler girizildi
Ýewropa aýallary we maýyplary Aýa iberýär