Mary we Lebap: Maska talaby gowşaýar, syýahat çäklendirmeleri bökdeýär

Mary we Lebap: Maska talaby gowşaýar, syýahat çäklendirmeleri bökdeýär

Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň käbirleri bölekleýin gowşadylan mahaly, Mary we Lebap welaýatlarynda kiçi awtoulaglarda maska dakynmak düzgüni ýatyryldy. Şol bir wagtda, raýatlaryň ýurduň içinde syýahat etmegi bilen bagly girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň ençemesi bularyň ilatyň hereketini öňküsi ýaly bökdemegi dowam etdirýändigini aýdýar.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Lebapdan habar berdiler.

Marydaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 23-nji iýunda kiçi awtoulaglarda maska dakynmak düzgüni ýatyryldy. Hatda ulagyň içindäki ýolagçylar hem maska dakynman bilýärler. Maska dakynmak düzgüni diňe awtobuslarda dowam edýär.

"Polisiýa düýn hem ikiçi ulaglary saklap, ulagyň içinde maska dakynmak düzgünini bozandygy üçin sürüjä jerime ýazýardy we onuň ulagyny polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärdi" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, ýaşaýjylaryň köpüsi ulagda maska dakynmak düzgüniniň ýatyrylandygyny bilmeýär. 23-nji iýunda köp adam ulagda maskasyny çykarmady. Diňe hökümet awtoulaglaryny sürýän sürüjiler maska dakynmady.

"Ilat ýene jerime salnar diýip, häzirlikçe maskasyz ulag sürmekden we ulagda maskasyz oturmakdan saklanýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleri, şol sanda maska dakynmak düzgünini bölekleýin ýatyrdy. 6-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde 1-nji iýundan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde maskalary aýyrmak teklip edilse-de, olary açyk meýdanda dakynmagyň talap edilmejekdigi aýdyldy.

Iýun aýynyň başynda Lebapdaky we Balkandaky habarçylarymyz ýerli polisiýa işgärleriniň ulaglary saklap, sürüjilere we ýolagçylara maska dakynmaly däldigini duýduryp, maskany çykarmagy talap edýändigini habar berdiler.

Ýöne bu wakadan bir gün soň, polisiýa işgärleri duýdansyz köçelerde reýd geçirip, häkimiýetleriň sözlerine ynanyp, maska dakynman çykan raýatlara jerime ýazyp başladylar.

Lebapdaky habarçymyz maska režiminiň sebitde hem gowşaýandygyny, ulagdaky sürüjileriň we ýolagçylaryň, hatda ýol polisiýasynyň maska dakynmaýandygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, ol raýatlaryň ýurduň içinde syýahat etmegi bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň saklanyp galýandygyny we munuň ilatyň hereketini öňküsi ýaly bökdemegi dowam etdirýändigini aýdýar.

"Türkmenabat şäherinden beýleki sebitlere, şeýle-de Aşgabada gitmek üçin ilki bilen içerki migrasiýa gullugyndan saparyňy delillendirip, ýörite rugsatnama almaly, soňra-da COVID testinden geçmeli.Onuň 72 sagatlyk möhleti bolmaly.

Onuň bahasy 120 manat.Bu kepilnamany almak üçin Lebap arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş bölüminiň öňünde birnäçe sagat nobata duranyňdan soňra test tabşyrmaly.Testiň jogaby bir günden soň çykýar. Şondan soňra aeroporta baryp bilet almaly" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy 23-nji iýunda gürrüň berdi.

Ol bilet aljak bolýanlaryň nobatlarynyň her gün ýüzlerçe adama ýetýändigine ünsi çekip, köplenç raýatlaryň bilet satyn alyp bilmeýändigini aýdýar.

"Adamlaryň eden maddy çykdajylary we sarp eden wagty puja çykýar. Sebäbi olar öz wagtynda bilet satyn alyp bilmese, COVID testiniň möhleti gutarýar. Umuman öňki kynçylyklar saklanyp galýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri mundan bir aý gowrak wagt ozal içerki demirýol, sebitara awtobus gatnawlarynyň tapgyrlaýyn açyljakdygyny yglan etdiler. Ýöne syýahat çäklendirmeleri bilen bagly girizilen talaplaryň saklanyp galýandygy barada “Türkmendemirýollarynyň” bildirişinde habar berildi.

Türkmenistanda berk çäklendirmeleri, şol sanda maska we hereket düzgünlerini girizen türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýärler. Ýöne ýurtdan syzyp çykan ygtybarly habarlarda bu ýokanja ýoluganlaryň, ondan ölenleriň hem köpdügi bellenilýär.

Bu aralykda, pandemiýa döwründe daşary döwletlerde galan türkmen raýatlarynyň şu günler ýurda getirilmegi dowam etdirilýär.

Balkan welaýatyndaky ygtybarly çeşmämiz 20-nji iýunda Stambuldan Türkmenbaşy şäheriniň aeroportuna çarter uçarynyň gonandygyny aýtdy.

"Türkmen raýatlarynyň 255-e golaýy ýedi günlük karantine alyndy" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Lebapdaky ýene bir çeşmämiz iýunyň 23-den 24-ne geçen gije Minskden Türkmenabada çarter uçarynyň gonjakdygyny, onda esasan Belarusda okuwlaryny tamamlan türkmenistanlylaryň getiriljekdigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

COVID-19: Türkmenistan çäklendirmeleri ýatyrýar
Maryda PÝGG işgärleri sürüjilere jerime ýazmak işlerini’ dowam etdirýärler
Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony dakynmak talaby saklanýar
Maska dakynmalymy ýa-da ýok. Türkmenistanda maska sebäpli jerime saklanýar
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler
Lebapda we Balkanda ilatdan maska dakynmazlyk talap edilýär