Maryda 2019-njy ýyl üçin tölegleri geçirmedik ýaşaýjylaryň elektrigi kesilýär

Maryda 2019-njy ýyl üçin tölegleri geçirmedik ýaşaýjylaryň elektrigi kesilýär

Şu günler Mary şäheriniň “Döwletenergogözegçilik” edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, 2019-njy ýyl üçin elektrik töleglerini tölemedik ýaşaýjylaryň toklaryny kesýärler. “Adamlar häzir töleg geçmäne ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýdyp, öňümizdäki aý gelmeklerini haýyş edýärler.

Olar tölegi doly geçirip bilmeseler-de, näçe boldugyndan tapan puluny berjekdiklerini aýdýarlar.Elektrogözegçilik işgärleri olary diňlemeýär we girelgelerdäki şitlary açyp, toklary kesýärler.Olar togy bikanun, özbaşdak birikdirseler, onda işleriniň suda geçiriljekdigini hem duýdurýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji ýanwarda gürrüň berdi. Şol bir wagtda, hojalyklaryň ençemesi geçen ýylyň ahyrynda özlerini “Döwletenergogözegçilik” edarasynyň işgärleri diýip tanyşdyran adamlaryň öýlerine aýlanandygyny belläp, olar bilen tölegleriň belli bir mukdaryny hasaplaşandyklaryny aýdýarlar. “Edaranyň işgärleri ýaşaýjylardan şol hasaplaşyklaryň kwitansiýalaryny görkezmegi talap etdiler. Ýöne ýaşaýjylar gelen işgärler bilen hat üsti bilen däl-de, dilden gürleşip, hasaplaşandyklaryny aýtdylar.

Işgärler kwitansiýa bolmasa toklarynyň kesilýändigini aýdyp, ençeme jaýyň toguny kesdiler” diýip, marylylaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.Azatlyk Radiosynyň 2019-njy ýylyň ahyrynda hojalyklara aýlanandygy aýdylýan bu adamlaryň kimdigini anyklamak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu barada Marynyň “Döwletenergogözegçilik” edarasyndan hem kommentariý alyp bolmady.Azatlygyň habarçysy elektrik togy kesilen hojalyklaryň gün-güzeranynyň gözgyny ýagdaýdadygyny aýdyp, olaryň arasynda ýaş çagaly maşgalalaryň, şeýle-de gartaşan adamlaryň hem bardygyny belleýär. “Öýlerinde köne penjirelerini, ýagny köp gatly jaýlar gurlanda dakylan agaç äpişgeleri çalyşmaga ýagdaýy bolmadyk maşgalalar bar.

Olaryň penjirelerinden sowuk girýändigi üçin olara plastik paket çüýleýärler. Şäher ýyladyş ulgamlary hem kadaly işlemeýär. Şol sebäpli bu maşgalalar elektrik peç ulanmaga mejbur bolýardylar” diýip, habarçy gürrüň berdi.Aýdylmagyna görä, häzirki wagt adamlaryň ençemesi öz pensiýa ýa-da kömek pullary geçirilýän plastik kartlaryny girewine goýup, adamlardan prosentine karz pul almak arkaly elektrik töleglerini tölemäge synanyşýarlar. “Häzir käbir pensionerler we ýaş çagaly eneler öz plastik kartlaryny girewine goýup, prosentine 400-500 manat pul karz alýarlar we tok töleglerini tölemäge synanyşýarlar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli etdi.

Soňky alty aýyň dowamynda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli künjeginde tölegleri öz wagtynda töläp bilmedik hojalyklaryň elektrik togunyň, gazynyň kesilendigi barada ençeme gezek habar berdi.Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň ýiti duýulýan we azyk harytlarynyň gymmatlaýan hem-de gytalýan döwründe maşgalalaryň alýan aýlyk-günlüginiň güzeran aýlamaga köplenç ýetmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Maryda köp hojalyk çagalaryna berilýän pul sowgadyny dükan bergilerine berýär
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär
Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aýlyklaryň 10% köpeldilmegi bilen, tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi ýene artdy
Balkanly býujet işgärlerinden ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri üçin pul ýygnalýar