Maryda geçen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy boldy

Maryda geçen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy boldy

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirildi we ol “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi.

Dabaralar Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy.Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.Binagärlik keşbi hem-de milli äheňdäki bezegleri bilen baý many-mazmuna eýe bolan Medeniýet hepdeliginiň derejesine laýyk gelýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda Maryda guralan döredijilik çäreleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrülen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.Konsert maksatnamasyny açan “Sungat toýun tutýar ili türkmeniň” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk çäresiniň özboluşly başlangyjy boldy.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Diýarymyzyň welaýatlarynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary sungatyň gudratly güýjüne bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri barada söhbet açýan wideoşekiller bilen utgaşdyrylan birnäçe çykyşlar tomaşaçylara ýetirildi.

Medeniýet hepdeligini geçirmek hormatynyň başga welaýata berilmegi “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan dabaranyň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu sungat baýramçylygy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Dabara milli medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän eýýamynyň senasy bolup ýaňlanan “Arkadagly Serdarymyz sag bolsun!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumyň ýapylyş dabarasy boldy
Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Maryda döwlet TW-si üçin wideo düşürilen nobatdaky çärede gatnaşyjylar boş sahna el çarpdy
Tatarystanly sungat ussatlary Mary welaýatynda saparda boldular
Ýurdumyzyň teatrlarynda 20 22-nji oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary