Maryda ýokary tehnologiýaly aýkagap fabrigi gurlar

Röwşen HK erkekler, zenanlar we çagalar aýakgaplarynyň her günki çykarylyşyny artdyrmagy göz öüňnde tutýar.Maryly telekeçiler munuň üçin 800 iş orunly döwrebap iri fabrik gurmagy we ýylda birnäçe million jübüt aýakgap öndürmegi göz öňünde tutýarlar.

Bu iri taslamany durmuşa geçirmek üçin hususy kärhana ýedi gektar ýer bölünip berildi.Kärhananyň öz güýji bilen ýakyn iki ýylda gurjak döwrebap aýakgap önümçiligi arassa çig maldan, dokma we beýleki materiallardan aýakgabyň ähli detallaryny, şol sanda aýakgabyň aşagyny hem çykarmaga niýetlenen awtomatlaşdyrylan hem-de robotlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün ediler.

Innowasion tehnologiýalar birbada aýakgabyň belli nusgalarynyň onlarça görnüşini öndürmäge we alyjylaryň islegine çalt seslenmäge mümkinçilik berer.Munuň özi diňe bir içerki bazaryň talaplaryny üpjün etmän we önümiň bu görnüşiniň importynyň möçberini azaltman, eýsem onuň eksport mümkinçiligini hem has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň makdarçylkyk hojalyklary we arassa derini hususy iberijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýan, şeýle hem ony işlemek üçin zerur binýady bolan Maksat Deri Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kärhanany deri aýakgap önümçiligi üçin ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýär.

Häzirki wagtda Röwşen hususy kärhanasy ýylda daşary ýurtlardan getirilýän we ýerli çig maldan 300 jübüte golaý aýakgap çykarýar.Alyjylaryň arasynda ýokary islegli önümler kärhananyň firma dükanlarynda ýerlenilýär, şeýle hem golaý daşary ýurtlara iberilýär.

Ýene degişli makalalar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar
“Röwşen” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy tutuş ýylyň dowamynda pomidorlaryň we hyýarlaryň iň gowy görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär
Mary deri-aýakgap AGPJ-niň önümçiliginiň gerimi giňeýär
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Röwşen HK Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan ykdysady üstünlikleriň sergisinde öz önümlerini görkezýär
Röwşen aýakgap kärhanasy önümlerini Moskwada geçýän Euro Shoes sergisinde tanyşdyrýar
Kenar balyk önümlerini gaýtadan işleýän türkmen kärhanasy dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär