Marynyň köçelerinde we desgalarynda gözegçilik güýçlendirildi

Marynyň köçelerinde we desgalarynda gözegçilik güýçlendirildi

Maryda polisiýa we Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň sany köpelip, şäheriň köçelerine we desgalaryna gözegçilik güýçlendirildi.Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Şäheriň her bir köçesinde we pyýadalaryň geçelgelerinde ýangyn söndürijiler ýerleşdirildi.

Polisiýa işgärleri ähli marketlere, dükanlara, kafelere, bankomatlara, banklaryň içine we daşyna, hökümet dükanlaryna, bazarlara, köpçülikleýin taýýarlyk çäreleriniň geçirilýän ýerine we şunuň ýaly köpçüligiň barýan ýerlerine gözegçilik edýärler.Bu ýerleriň her birinde azyndan 5 polisiýa işgärini görse bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şu aýyň başyndan pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň ählisinde ýangyn söndürijiler ýerleşdirildi.Olar irden sagat 7:00-dan giçlik sagat 20:00-a çenli gezekli-gezegine nobata durýarlar.

Habarçy ýerli polisiýa işgärleriniň we ýangyn söndürijileriň ençemesine salgylanyp, munuň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň Mary welaýatyna eden resmi taýdan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. “Ministriň oktýabr aýyndaky saparyndan soň, polisiýa işgärlerine edilen gözegçiliklerde olaryň käbiriniň para alýan ýa-da öz iş wagtynda hususy awtoulagynda oturýan wagty tutulandygy aýdylýar. Şonda puly kän ýa-da ýokarda güýçliräk tanyşy bolan polisiýa işgärlerine degmändirler.

Puly azrak polisiýa işgärlerini bolsa, şäher bölümine ýa-da Ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçiripdirler.Puly ýok işgärleri bolsa, işden kowupdyrlar” diýip, habarçy belledi.Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň IIM-ne 1-nji oktýabrdan bäri ýolbaşçylyk edýär.

Ondan öň bu wezipäni 10 ýyllap eýelän Isgender Mulikow "korrupsiýa garşy yzygiderli göreş" diýen kesgitleme bilen wezipeden çetleşdirildi.Marynyň köçelerine we desgalaryna gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada häzirlikçe takyk maglumat ýok. Ýöne habarçy munuň döwlet dükanlarynyň, bankomatlaryň öňündäki nobatlaryň we köpçülikleýin taýýarlyk çäreleriniň surata ýa-da wideo düşürilmeginiň öňüni almak tagallalaryna meňzeýändigini aýdýar.

Beýleki tarapdan, 9-njy dekabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan, döwlet dükanlarynda nobatçylyk edýän polisiýa işgärleriniň biri özleriniň azyk we senagat harytlarynyň satuwyna gözegçilik edýändigini aýtdy. “Ähli harytlar ilki paýtagta paýlanýandygy üçin welaýatlarda ýagdaý öwerlikli däl. Şol sebäpli käbir dükan ýolbaşçylarynyň bananyň, towuk ýumurtgasynyň, pagta ýagynyň ýarysyny gymmat bahadan welaýatlara satýandygy mälim boldy. Şol sebäpli Söwda ministrligi harytlaryň satuwyny ilkinji nobatda plastik kartlar arkaly amala aşyrmak boýunça karar çykaryp, azyk harytlaryň satuwy barada elektron görnüşde hasabat bermegi talap edýär” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan polisiýa işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan indi üç ýyla golaý wagt bäri iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.Azatlyk Radiosy ýurduň döwlet dükanlarynda azyk, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemalar, olaryň öňündäki uly nobatlar barada yzygiderli habar berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler.Bu barada resmi media hem dymýar.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar
Aşgabadyň “Owadan” merkezinde ýangyn döredi
Ispaniýada tokaý ýangynlary tutaşýar
Içeri işler edaralarynda işini taşlamaga, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärler köpelýär
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy
Ýaponiýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Lebapda howpsuzlyga we ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik pugtalandyrylýar