Marynyň ýol polisiýasy 'hapa ulaglary awlaýar'

Marynyň ýol polisiýasy 'hapa ulaglary awlaýar'

Şu günler Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýagyş diňen badyna köçelere çykyp, daşky görnüşi hapa ulaglara jerime ýazmak ýa-da sürüjilerden para almak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"PÝGG-niň işgärleri etraplardan we obalardan şähere girilýän ýerde durýarlar. Olar ulaglary saklap, sürüjilere 'ulagyň hapa' diýip, jerime ýazjakdyklaryny aýdýarlar ýa-da 20 manat para soraýarlar. Olar sürüjilere 'özüň saýla' diýýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren maryly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ulag eýeleriniň aglabasy 50-100 manat aralygyndaky jerimäni tölemegiň deregeine, üstesine-de, jerimäni tölemek bilen baglanyşykly býurokratiki işlerden gaça durmak üçin para bermegi saýlap alýar.

Şol bir wagtda-da, sürüjiler ýagynly günlerde ulaglary arassa saklamagyň hemişe mümkin däldigini aýdyp, munuň raýatlardan 'pul talamagyň' ýene bir usulydygyny belleýärler we bu çärelere örän nägile bolýarlar.

"Birnäçe sagatlap, dyngysyz ýagan ýagyş diňip, howa açylandan soň, şäher köçeleri guraýar, ýöne etrap we oba ýerlerindäki köçeleriň köpüsinde asfalt galmansoň, olarda ýagyn suwlary çekilmän, ençeme günläp palçyk bolup durýar. Şol sebäpli ulagy arassa saklamak gaty kyn. Awtoulagymyzy howlymyzda ýuwup ýola çyksak-da, uly ýola ýetýänçäk ýene hapalanýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir sürüji aýtdy.

Şu günler Mary welaýatynda ýagynly howa şertleri dowam edýär. Howa maglumatlaryny çap edýän "Accuweather" saýtynyň maglumatlaryna görä, noýabryň 7-den 8-ne geçen gije Mary we Baýramaly şäherlerinde hem-de olaryň töwereklerinde wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.

Ulag eýeleriniň ençemesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde häkimiýetleriň özlerinden ulaglary hemişe arassa saklamagy talap edýändigini, ýöne ulaglaryň hapalanmagyna sebäp bolýan problemalary çözüp bermeýändigini tekrarlaýar.

"Şäher içindäki köçeleriň käbiri ýylda bir-iki gezek sökülip, gaýtadan asfalt düşelýär. Ýolbaşçylar munuň sebäbini prezidentiň şol köçelerden geçjekdigi bilen düşündirýärler. Ýöne oba ýerlerinde sowet döwründen bäri bejeriş işleri geçirilmedik köçeler bar.

bu köçeleriň asfalty hatardan çykyp, olar oýulyp dur. Ýaşaýjylar köçeleriň oýun ýerlerine çagyl ýa gum döküp, ulag geçer ýaly edýärler. Ýagyş ýagsa, bu köçelerdäki ýagyn suwlary we palçyklar ençeme günläp, käte hepdeläp saklanýar.

Bu köçelerden geçip, ulagyňy nädip arassa saklamaly?" diýip, maryly sürüji sorag bilen sözüni jemledi.

Soňky 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan awtoulaglaryň daş keşbine uly üns berilýär. Munuň baglylykda, häkimiýetler gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdiler. Olaryň arasynda awtoulaglaryň reňki, çyralary, täze ýa-da köneligi, şeýle-de "arassalygy" bilen bagly gadagançylyklar bolup, bular baradaky resmi kararlar köplenç sürüjilere elýeterli bolmaýar. Habarçylarymyz bularyň PÝGG-niň sürüjilerden para almagyň guralyna öwrülýändigini yzygiderli habar berýärler.

Şol bir wagtda, bu ýagdaýlary başdan geçiren Azatlygyň söhbetdeşleri ýol polisiýasynyň daşky keşbi hapa, ýol kadalaryny görnetin bozýan döwlet belgili ulaglary görmezlige salýandygyny' hem aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ulag sürüjileriniň ýüzbe-ýüz bolýan bu ýagdaýlary barada hiç zat aýtmaýarlar.

Azatlyk bu mesele bilen bagly Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky ýagdaý bilen gyzyklanyp, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak, Özbek, Gyrgyz we Täjik gulluklarynyň žurnalistleri bilen söhbetdeş boldy.Täjik gullugynyň žurnalisti ulaglaryň arassa bolmalydygy baradaky talaba esasan paýtagt Duşanbede duş gelse bolýandygyny, daş keşbi hapa bolan ulaglaryň sürüjilerine $15-$30 aralygynda jerime salynýandygyny aýtdy.

Gazak, Özbek, Gyrgyz gulluklarynyň žurnalistleri bolsa, bu ýurtlaryň kanunçylygynda ulagyň arassaçylygy bilen bagly talabyň, esasan onuň döwlet belgisiniň görülmelidigi bilen çäklenýändigini, ýol polisiýasynyň ýagyndan soň ýöriteläp hapa ulaglary gözlemeýändigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Täjigistanyň wekiliýeti kabul edildi
Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler
Duşanbede söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär
Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler