Medwedew Zwerewden üstün çykdy

Möwsümiň 8-nji “Masters” (Ussatlar) ýaryşy bolan Şanhaý “Masters” tennis bäsleşiginde russiýaly Daniil Medwedew ýeňiş gazandy.Ol finalda asly rus bolan germaniýaly Aleksandr Zwerew bilen duşuşdy. 1-nji setde 6:4, 2-nji setde-de 6:1 hasaplar bilen ýeňiş gazanan 23 ýaşyndaky Medwedew karýerasyndaky 2-nji “Masters”, umumylykda bolsa, 7-nji ATP çempionlyk kubogyny asmana göterdi.

Medwedew mundan öňki Sinsinnati “Masters” ýaryşynda-da ýeňiş gazanypdy. “Masters” ýaryşlarynyň 3-sinde ýeňiji bolan Zwerew 3-nji gezek finalda ýeňildi. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 8 million 322 müň 885 dollara deň bolup, ýeňijä 1 million 374 müň dollar pul sylagy berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi