“Mercedes”-iň yzly-yzyna 6-njy ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji bäsleşigi Ýaponiýanyň Mie welaýatyndaky Halkara “Suzuka” trassasynda geçirildi. 5807 metrlik trassada 52 aýlawy ilkinji bolup, “Mercedes” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas tamamlamagy başardy. 3-nji hatardan ýaryşa başlan Bottas 1 sagat 21 minut 46,755 sekuntda pellehana gelip, şu möwsümde 3-nji, umumylykda-da 6-njy gezek ýeňiş gazandy.

Bottasdan 13,3 sekunt yza galan germaniýaly Sebastian Wettel (“Ferrari”) 2-nji, 13,8 sekunt soň pellehanadan geçen britaniýaly topardaşy Lýuwis Hamilton 3-nji ýeri eýeledi. 1-nji aýlawda kiçeňräk awto çaknyşygy başdan geçiren “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 6-njy ýer bilen oňňut etmeli boldy.Bu ýaryşdan soň, toparlaryň (konstruktorlaryň) arasyndaky çempion belli bolup, utugyny 612-ä ýetiren “Mercedes” topary bassyr 6-njy çempionlygyny gazandy.Sürüjileriň arasyndaky çempionlyk ýaryşy bolsa, ýokary depginde dowam edýär.

Möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, Hamilton 338, Bottas 274, Lekler 223 utuk bilen öňdäki 3 orny eýeleýärler.Werstappen bilen Wettel bolsa, 212 utuk toplap, 45-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Tamamlanyp barýan möwsümiň 18-nji bäsleşigi 27-nji oktýabrda Meksikada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
“Ferrari” ýalňyşýar, Werstappen ýeňiş gazanýar
Çempionyň 50-nji ýeňşi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
35 ýyllyk rekord täzelendi
Öz rekordyny täzeledi
F1-iň täze möwsümi başlaýar