Meşhur “Aresibo” radioteleskopy ýykyldy

Meşhur “Aresibo” radioteleskopy ýykyldy

Meşhur “Aresibo” radio teleskopynyň kabul ediji enjamlaryny özünde jemleýän köp tonnaly asma platformasy sişenbe güni öz agramyna ýykyldy. Bu barada Twitterde amerikan žurnalisti, meteorolog Debora Martorell habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Ýarym asyr mundan ozal Puerto-Riko daglaryndaky wulkan kraterinde gurlan äpet radio teleskop onlarça ýylyň dowamynda dünýäniň iň uly radio astronomiki enjamy boldy. Şu ýylyň awgust aýynda antennanyň üstünde kabul ediji enjamly kabinany saklaýan tanaplaryň biriniň üzülmegi bilen onda mesele ýüze çykyp başlady. Şol wakanyň netijesinde “okarada” ýüz metr ululykda deşik peýda boldy.

Noýabr aýynda bolsa ikinji tanap üzüldi, bu ABŞ-nyň milli fonduny meşhur teleskopyň ulanyşdan aýrylýandygyny habar bermäge mejbur etdi.Teleskopyň gurluşygy 1960-njy ýylda başlady, onuň asyl maksady Ýeriň ionosferasyny öwrenmekden ybaratdy.

Ol 1963-nji ýylda işe başlady, “Aresibonyň” kömegi bilen birnäçe açyşlar edildi, şol sanda birnäçe pulsarlar ýüze çykaryldy we Merkuriýa barada täze maglumatlar alyndy.

Ýene degişli makalalar

'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek TEIF 2024 halkara forumyna gatnaşarlar
Meşhur hindi režissýory Sanjaý Gadhwi aradan çykdy
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
“Titanik”-iň agşamlyk naharynyň menýusy auksionda satyldy
Meşhur gitaraçy Dawid Ýurpo Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi
Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly konsert bilen tamamlandy