Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyry barada beýannama berdi

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyry barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy üçin Türkiye bilen gazanylan Üçtaraplaýyn ylalaşygyň çäginde edilen ädimler bilen baglanşykly: "Tapgyr oňyn ýagdaýda dowam edýär, emma edilmeli entegem ädimler bar" diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren umumy metbugat ýygnagyndan soň, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy üçin iýun aýynda gazanylan Üçtaraplaýyn ylalaşyk bilen baglanşykly Mewlüt Çawuşogly, Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyny göz öňünde tutup: "Köp sanda ikiçäk duşuşyklar bolar.

Mysal üçin Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Klewerli bilen duşuşyk geçireris. Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrleri bilen hem Buharest şäherinde Üçtaraplaýyn formatda duşuşyk geçireris" diýip habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly: "Ylalaşykdaky jogapkärçilikleriň käbirlerini ýerine ýetirdiler, bir bölegini bolsa ýerine ýetirmediler. Ýagny käbir anyk ädimler edilmedi.Terrorçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi we kanuny düzgünnamalary bilen baglanşykly tamalary ýerine ýetirmediler.

Mejlisimiziň we raýatlarymyzyň talaplary ýerine ýetirilmeli.Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan hem Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristerssona şol ugurlary aýdyp geçdi.Gysgaça aýdanymyzda tapgyr oňyn ýagdaýda dowam edýär, emma edilmeli bolan entek ädimler bar" diýip mälim etdi.

Çawuşogly iki ýurduň şertleri ýerine ýetirmekleri bilen bagly: "Finlýandiýa bilen baglanşykly meseleler ol diýen köp däl. Esasan hem Şwesiýa bilen kynçylyklarymyz bar, has köp ädim etmeli bolan tarap Şwesiýadyr" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy