Mewlüt Çawuşogly Ysraýylly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Ysraýylly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýair Lapid bilen geçiren duşuşgyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Lapidiň saparynyň Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklaryny has hem özgertjekdigine ynanýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen diplomatik wekiliçilik derejesini ilçi derejesine çykarylmagy üçin işe girişendiklerini habar berdi.

Ysraýyllylara garşy terror howpy babatynda durup geçen Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen howpsuzlyk babatynda hyzmatdaşlykdadyklaryny belläp: "Bular ýaly görnüşli wakalaryň ýurdumyzda başdan geçirilmezligine, ýurdumyzyň çäklerinde bular ýaly görnüşli hasaplaşmalara, terrorçylykly hüjümlere hiç bir ýagdaýda rugsat bermeris" diýip nygtady.

Mewlüt Çawuşogly Palestina meselesi babatynda Türkiýäniň iki döwletli çözgüt telibiniň öz güýjüni goraýandygyny beýan etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid bolsa Türkiýe bilen bagly syýahatçylyk duýduryşlaryny üýtgetjekdiklerini, Ysraýylyň ilçisiniň ýakyn wagtda Türkiýä gaýdyp gelmegi üçin ädimler edýändiklerini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi