Microsoft Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli goldajakdygyny tassyklady

Microsoft Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli goldajakdygyny tassyklady

Microsoft korporasiýasy bir ýyl mundan ozal köpçülige elýeterli bolan täze operasion ulgamy Windows 11-iň ilkinji iň uly täzelenmesini (22H2) çykardy. Şunuň bilen birlikde, korporasiýa Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli goldajakdygyny habar berdi. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

Bu ulanyjylaryň Microsoft-yň programma platformasynyň täze wersiýasyna geçmäge howlukman bilýändiklerini aňladýar.Windows 11-iň kämilleşip, täze funksiýalara eýe bolýandygyna garamazdan, Windows 10 gowy alternatiwa bolmagynda galýar. Şeýle-de, Microsoft Windows 11-e çenli mugt täzelenmäniň tamamlanjak möhletini heniz mälim etmedi. Şundan ugur alsak,Windows 11-i mugt ulanmaga ýene birnäçe wagtyň dowamynda geçmek bolar.

Belläp geçsek, Microsoft-yň Windows 10-y 2025-nji ýyla çenli goldamakçydygy baradaky bildirişi garaşylmadyk bir zat däl, sebäbi ol bu barada geçen ýyl hem mälim edipdi. Şonda Windows 10-a goldawyň 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanjakdygy habar berildi.

Korporasiýanyň ulanyjylary Windows 11-e geçmäge çagyrýandygyna garamazdan, bu meselede howlukmagyň zerurlygy ýokdur.

Ýene degişli makalalar

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi
Döwrebap ýelkenli gämi ýola düşdi