Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gondy.Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine baryp, bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we medeni taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär.Ine, şu gün hem welaýatlarymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysyny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.

Häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny dörediler diýip, milli Liderimiz belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda sanly ulgam arkaly TSTB-niň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan ýyladyşhanalaryň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Welaýatlardaky dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagynda başyny başlan oňyn özgertmeleri, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan işewür düzümleri goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Soňra milli Liderimiz ýyladyşhana tarap ugrady we ol ýerde oba hojalyk önümleriniň ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergisi bilen tanyşdy.

Bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ulgamlarynda ýöriteleşen telekeçiler we hususy öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň giň görnüşleri görkezildi.Soňra hormatly Prezidentimiz “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanyşdy. Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy toplumyň enjamlaşdyrylyşy, önümçiligiň tehnologiýalary hem-de bu ýerde ýetişdirilýän gök önümleriň, şol sanda pomidoryň ýetişdirilişi, hasyllylygy, ýetişýän möhleti barada gürrüň berdi.

Bu ýerde ähli önümçilik işleri awtomatlaşdyrylan hem-de kompýuterleşdirilen usulda amala aşyrylýar.Döwlet Baştutanymyz ýyladyşhana toplumy bilen tanyşlygyny tamamlap, bu ýerde ýetişdirilen pomidor hasylynyň ýygymynyň başlanmagyna badalga berdi hem-de ony ösdürmekde üstünlikleri arzuw edip, toplumyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasynyň “John Deere” traktorynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan beýleki welaýatlarda açylan ýyladaşhanalaryň ýolbaşçylaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen