Motorsyz uçar rekord goýdy

Spenser Lisenbiniň uçuran kiçi göwrümli, hereketlendirijisiz uçary ýeliň kömegi bilen sagatdaky tizligini 882 kilometre ýetirmegi başardy. Şeýlelikde, 2018-nji ýyldaky rekord täzelendi.Bu ugurdaky ozalky rekord sagatda 877 kilometre barabardy.

Bu rekordy dron we model uçar piloty bolan Spenser Lisenbi täzeledi.ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Parker daglarynyň eteklerinde uçurylan uçar howa şertleri sebäpli uçurylan ýerine gaýdyp geldi. Şol wagt ýeliň tizliginiň sagatda 100 kilometr barabar bolandygy habar berildi.

Adatça, uly göwrümli ýyrtyjy guşlar beýik dag gerişleriniň golaýyndaky, şeýle hem ýerden belli bir derejede ýokardaky howa akymyndan peýdalanyp uzak aralyga ganat kakman uçýarlar. Soňky ýyllarda bolsa, kiçi göwrümli model uçarlaryny şeýle howa akymy arkaly uzak aralyga uçurmak bilen gyzyklanýanlaryň sany artýar. Kiçijik uçary uzak aralyga ibermek üçin howa akymynyň haçan, nireden geçýändigini bilmeli bolýar.

The post Motorsyz uçar rekord goýdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Honda iki elektromobil hödürlär
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Elektroulag önümçiligi artýar
“Bawariýa” 50 million ýewrolyk transferini mälim etdi
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy