N.Nazarbaýew Täjigistany, Özbegistany we Türkmenistany Ýewraziýa Ykdysady Birleşigine goşulmaga çagyrdy

N.Nazarbaýew Täjigistany, Özbegistany we Türkmenistany Ýewraziýa Ykdysady Birleşigine goşulmaga çagyrdy

19-njy awgustda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşiginiň agzalarynyň sanyny köpeltmek bilen bagly meselä hem garaldy. Hususan-da, Nursultan Nazarbaýew Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň tarapdarydygyny aýtdy. Bu barada ria.ru saýty habar berýär.

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti: Bu guramanyň hormatly başlygy hökmünde men wakalara syn edýärin, bize guramany berkitmek zerur. Biziň goňşularymyz — Özbegistan we Täjigistan hem bu ýerde bolmaly, ýene-de Türkmenistan bilen hem işleşmek gerek diýmek bilen, bu ugurda anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereket edýän Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi sebitleýin ykdysady integrasiýanyň halkara guramasy bolup, ol Gümrük Birleşiginiň we Ýeke-täk ykdysady giňişligiň binýadynda döredildi. Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan bu guramanyň agzalary, Moldowa, Özbegistan we Kuba bolsa onda synçy derejesine eýedir.

Ýene degişli makalalar

Nazarbaýew döwrüniň 'soňlamagy' we 'Merkezi Aziýa üçin kyn ýyl'
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary alty aýlap yzygiderli peseldi
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Ahal welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçirildi
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi