Nadalyň ATP reýtingindäki täze rekordy

Nadalyň ATP reýtingindäki täze rekordy

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) reýtinginiň ilkinji onlugynda geçirilen hepdeleriň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Nadal 2005-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri, ýagny 790 hepde bäri sanawyň ilkinji onlugynda ýerleşýär.Ol bu görkeziji boýunça amerikaly Jimmi Konnorsyň (789) gazananlaryndan öňe geçdi. Üçünji orunda şweýsariýaly Rojer Federer (734) barýar.

ATP-niň 9-njy noýabrda täzelenen reýtinginde Nadal 9 850 bal bilen ikinji setirde ýerleşýär, reýtingiň başyny bolsa serbiýaly Nowak Jokowiç (11 830) çekýär.Nadal ATP-niň ýaryşlarynda 86 gezek ýeňiji boldy. Şeýle hem, 34 ýaşly oýunçy “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky ýeňişleriň sany boýunça birinji orny Federer bilen paýlaşýar (20).

Ýene degişli makalalar

Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar
Onuň alyhezretleri karýerasyny tamamlady
Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Jokowiç ýene lidere öwrüldi