NATO Russiýa bilen bagly duýduryş berdi

NATO Russiýa bilen bagly duýduryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Norwegiýada Zähmetkeşler partiýasynyň Utoýa adasynda geçiren çäresine gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.

Çykyşynda, Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan we häzirki wagtda hem dowam edýän söweşiň üstünde durup geçen Ýens Stoltenberg, NATO-nyň Ukrainany goldamagynyň ahlak taýdan bir jogapkärçilikdigini beýan etdi.

Stoltenberg: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukraina bilen bagly arzuwlarynda üstün çykmazlygy biziň peýdamyza. Putiniň isleýän zatlaryny harby güýç bilen alyp biljekdigini görýän dünýä, biziň üçin has hem howply bir dünýä bolar. Russiýa bu söweşde üstün çyksa Putin aşa güýjüň peýdalydygyny tassykladygy bolar. Soň bolsa nobat Russiýanyň beýleki goňşylaryna gelip biler" diýip mälim etdi.

Russiýanyň öňe gidişliginiň durandygyny, Ukrainanyň käbir sebitleri yzyna basyp alandygyny aýdan Stoltenberg, beýleki tarapdan bolsa NATO-nyň parahatçylygy goramak üçin gündogardaky barlygyny artdyrandygyny ýatlatdy.

Ýens Stoltenberg Russiýanyň hüjümlerinden soň NATO-nyň has jebis hereket edýändigini, Finlýandiýa we Şwesiýa ýaly täze agzalary kabul etmäge taýarlanýandygyny belläp: "ABŞ-nyň Senady agzalyk protokollaryny tassyklady. Şeýlelik bilen Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO kabul edilmegini tassyklaýan ýurtlaryň sany 23-e ýetdi.

Ençeme ýurt hem milli tapgyrlaryny tamamlamaga taýar.Bu hem häzirki wagta çenli NATO-nyň döwrebap taryhyndaky iň çalt agzalyk tapgyry bolýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady