Naýbaşy futzal ligasy: Köpetdag ýaryşdaky esasy bäsdeşini ýeňdi

Naýbaşy futzal ligasy: Köpetdag ýaryşdaky esasy bäsdeşini ýeňdi

8-nji noýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Tapgyryň ilkinji duşuşygynda Daşoguz hem-de Milli goşun toparlary duşuşdylar.Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan Daşoguz 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy.Tapgyryň ikinji duşuşygynda Gümrükçi Ahaly 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Senagatbank topary hem geçiren duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy.Bu duşuşykda Mergen Ataýewiň tälim berýän topary 4:1 hasabynda üstün çykdy.Tapgyryň merkezi duşuşygynda Köpetdag Deňizçini 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 42 utuk toplan Köpetdag birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Deňizçi hem-de Gümrükçi toparlary eýeleýärler.

Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy noýabrda geçiriler: Senagatbank Ahal, Milli goşun TNGIZT, Köpetdag Daşoguz, Gümrükçi Deňizçi.

16-njy tapgyryň netijeleri: Daşoguz Milli goşun 5:1 Ahal Gümrükçi 4:1 TNGIZT Senagatbank 1:4 Deňizçi Köpetdag 1:2

Ýaryş tertipnamasy:

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy