Neýmar "PSŽ"-niň düzüminde 100-nji oýnuny geçirdi

Neýmar "PSŽ"-niň düzüminde 100-nji oýnuny geçirdi

“Pari Sen-Žermen”-iň hüjümçisi Neýmar klubuň düzüminde özüniň 100-nji oýnuny geçirdi. Bu barada report.az habar berdi.

Braziliýaly hüjümçi Fransiýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Monpelýe” bilen bolan duşuşykda meýdança çykdy. Şeýlelikde, ol "PSŽ"-niň düzüminde oýnan oýunlarynyň sany boýunça ýubileý belligine ýetdi.Pariždäki “Park de Prens” stadionynda geçirilen duşuşyk parižlileriň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykda Neýmar bir gol bilen tapawutlandy.Neýmar 2017-nji ýylyň tomsunda "Barselona"-dan "Pari Sen-Žermen"-e geçdi. Şonda transferiň bahasy rekord derejede - 222 million ýewro boldy.Fransiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde hüjümçi dokuz oýun oýnap, dört pökgi geçirdi.

Transfermarkt Neýmaryň häzirki bahasyny 128 million ýewro diýip çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

Neýmaryň şertnamasynyň togtadylmagy mümkin
“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi
Neýmar 2-nji gezek kaka boldy
Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy
Braziliýa 37 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Türkmenistanly talyplar Italiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler,Türkmenistan we Eýran tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar