Nobeliň edebiýat boýunça baýragy yglan edildi

8-nji oktýabrda edebiýat boýunça Nobel baýragy ABŞ-ly şahyr zenan Luiza Gluga “Kämil

gözelligi bilen şahsyýetiň barlygyny köp taraply edýän özboluşly şahyrana sesi

üçin” berildi. Luiza Gluk 1968-nji ýylda “Nowbahar çaga” atly goşgular

ýygyndysy bilen ilkinji gezek häzirki zaman amerikan edebiýatynyň iň görnükli

şahyrlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň galamyndan jemi 12 sany goşgular ýygyndysy çykdy. Luiza Glukyň eserleri aýdyňlyga

ymtylmagy bilen tapawutlanýar. Çagalyk, maşgala durmuşy, ene-atalar, doganlar

we uýalar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak onuň eserleriniň içinden eriş-argaç

bolup geçýär. Şahyr özüniň ajaýyp şygyrlaryny adatça, rowaýatlardan we nusgawy ýörelgelerden ylham alyp

döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Luizianada ýangyn tutaşdy
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Erdogan Braziliýanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy saýlandy
ABŞ-nyň Wekilleri Palatasynyň täze başlygy belli boldy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler