“Nokia” täze telefonlaryny tanyşdyrdy

2000-nji ýyllaryň iň köp satylan telefon brendi hasaplanýan “Nokia” soňky 2-3 ýyldan bäri gaýtadan smartfon bazarynda peýda boldy.Kompaniýa “Android” amaly ulgamynda işleýän “Nokia 3.4” we “Nokia 2.4” telefonlaryny köpçülige görkezdi.

Häzirki wagtda Hytaýyň “HMD Global” kompaniýasynyň garamagyndaky fin brendiniň täze telefony ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. “Qualcomm Snapdragon 460” çipseti oturdylan “Nokia 3.4”-iň 6,39 dýuým ululygynda HD+ durulygynda ekrany bar. 13MP, 5MP ultragiň we 2 MP çuňluk sensorly kameralary bolan bu telefonyň batareýasynyň kuwwaty 4.000mA/sagada barabar.

Telefonyň RAM-y 3GB, içki ýady 32 GB/64GB hem-de RAM-y 4GB, içki ýady 64GB modelleri bar.Ulanyjylar telefonyň gök, benewşe we gara reňklisini saýlap bilerler.

Iki telefon hem “Android 10” amaly ulgamynda işleýär.Telefon Angliýada 119 funt sterlingden satuwa çykarylar.

“Nokia 2.4” bolsa, 99 funt sterlingden satuwa çykarylar. 6,5 dýuým HD+ durulygynda ekrany bolan enjama “MediaTek Helio P22” çipseti oturdylypdyr.Mobil enjamyň esasy kamerasy 13MP bolup, 2MP durulygynda çuňluk sensory bilen üpjün edilipdir.

Telefonyň iki görnüşi bolup, olaryň aýratynlygy 2GB RAM, 32GB içki ýat, 3GB RAM we 64GB içki ýat görnüşinde bolar.Bu telefonyň reňkleri hem beýlekisi bilen meňzeş bolar.

Ýene degişli makalalar

“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar
Apple Ýewrokomissiýanyň kanunçylyk taslamasyna garşy
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi