Norwegiýada ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi

Norwegiýada ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi

Ýakynda dünýäde ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi. Bu barada TechXplore salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Elektrikli “Yara Birkeland” gämisi on dört kilometr aralygy geçip, ilkinji gezek günorta-gündogar Porsgrunn şäherindäki zawoddan Brewik portuna ýük eltdi.Konteýner daşaýjy gämi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýük gämisi boldy.

Gäminiň uzynlygy 80 metr bolup, ol 3200 tonna çenli ýük alyp biler.Geljekde "Yara Birkeland" borty adamsyz özbaşdak hereket eder. Şeýle-de bolsa, ähli ulgamlar doly ýola goýulýança, ilkinji iki ýylda onda hökman ekipaž bolar.

Hünärmenleriň pikiriçe, elektrikli konteýner daşaýjy gämi dizel ýangyjynda işleýän ýük gämilerine, takmynan, her ýyl 40 müň gatnaw etmek zerurlygyny aradan aýyrar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýeden Gaza 51 Konteýnerlik Lukmançylyk Enjamlary Kömegi Ugradyldy
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Deslapky maglumaty alyşmak we ýük gözegçiligi boýunça dördünji sebitara duşuşygyna gatnaşdy
Hytaýdan ugran ýük kerweni Türkmenistanyň çäginden geçip Eýrana bardy
Türkmenbaşy portunyň üsti bilen 4 million tonna golaý ýük daşaldy
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Ýanwar-noýabr: Türkmenistanda konteýner ýük daşamalary 41% ýokarlandy